TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

13 Few

Halkara synçylary: Türkmenistanda saýlawlar ýokary guramaçylyk derejede, giň bäsdeşlik, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda geçdi

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly düzümleriň halkara synçylarynyň, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar toparynyň gatnaşmagynda geçirilen jemleýji metbugat maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk çärelerine we olaryň geçirilişine guralan synlaryň netijeleri yglan edildi. Çärä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlaw toparlarynyň agzalary gatnaşdylar.

Toparlaryň ýolbaşçylary ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine we Merkezi saýlaw toparyna döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde, açyklyk we aýanlyk, şeýle hem saýlawçylaryň işjeňligi ýagdaýynda geçirilendigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Bellenilişi ýaly, synçylar toparlarynyň saýlawlaryň geçişine beren bahalary saýlawlara görlen taýýarlygyň we onuň geçişiniň anyk ýagdaýyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Çykyş edenleriň pikirine görä, gelnen netijeler milli saýlaw kanynçylygyna geçirilen synlara, toparlaryň agzalarynyň biziň ýurdumyzda bolan döwründe toplan anyk maglumatlaryna esaslanýar. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler bilen geçirilen duşuşyklarda halkara düzümleriniň wekilleri her bir dalaşgäriň maksatnamasynyň halkymyzyň durmuş ulgamynyň üpjün edilmegine we ýurdumyzyň geljekki ösüşine gönükdirilendigine göz ýetirdiler.

Ses bermek döwründe ýüze çykarylan kemçilikler barada aýtmak bilen, toparlaryň ýolbaşçylary olaryň esasan tehniki häsiýetdedigini we saýlawlaryň açyklygyna hiç hili täsiriniň ýokdugyny nygtady.

Toparlaryň ýolbaşçylary umumy pikiri yglan edip, Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň ähli kadalara laýyk, durnukly ýagdaýda geçendigini bellediler. Berlen bahalara görä, saýlawlaryň deslapky netijeleri türkmen halkynyň ýurdumyzyň häzirki ýolbaşçysynyň alyp barýan we döwletiň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen parahatçylyk, durnukly ösüş ugry üçin ses berdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň bähbidini nazarlaýan döwlet syýasaty seçilip alnan ýoluň dürsdügini has aýdyňlygy bilen tassyk edýär.

30 Ýan
Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahatlary geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...