2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy boldy.
Bu ýere Mejlisiň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, Ýaşulular geňeşiniň, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri ýygnandylar. Şeýle hem ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary, döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgärler bar.
Zala Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de beýleki çagyrylan myhmanlar ýygnandylar. Hemmeler dabaranyň başlanmagyna tolgunmak bilen garaşýarlar.
... Sagat 9.00. Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýagdaýda dabaraly sazyň owazynyň astynda zala Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we mukaddes Gurhany getirýärler.
Ruhyýet köşgüniň zalyna ýygnananlar Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz sahna çykýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň netijelerini yglan etmek üçin, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, saýlaw çäresi hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde hem-de umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, hakyky demokratik esasda, has takygy, ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy, gizlin ses bermek hem-de raýatlaryň erkin erk-islegini beýan etmek, bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Ýurdumyza gelen, abraýly guramalara hem-de düzümlere wekilçiik edýän halkara synçylary hem munuň şeýledigini bellediler. Olar şeýle hem Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna ygrarlydygyny nygtadylar we saýlawçylaryň işjeňdigini aýratyn bellediler.
Umuman, ses bermäge 3 million 163 müň 692 adam ýa-da saýlawçylaryň umumy sanynyň 97,28 göterimi gatnaşdy.
Saýlawlaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary M.Annanepesow 1,02 göterim, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary J.Annaýew 0,21 göterim, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atalyýew 0,36 göterim, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 97,69 göterim, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory R.Durdyýew 0,15 göterim, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary M.Gurbanow 0,17 göterim, Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdiriýetiniň başlygy S.Jelilow 0,25 göterim, Balkan welaýatynyň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory S.Nurnepesow 0,09 göterim we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy D.Orazow 0,06 göterim ses aldylar.
Merkezi saýlaw toparynyň 2017-nji ýylyň 14-nji fewralynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul edilen Kararyna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda saýlawçylaryň sesleriniň 97,69 göterimini alan dalaşgär Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygy ykrar edildi.
Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etmek hakynda kasam etdi.
“Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen, öz üstüme ýüklenen wezipeleri ak ýürekden we mynasyp derejede yzygiderli ýerine ýetirmäge; Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny hem-de bitaraplyk derejesini goramaga; adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga; Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryny berjak etmäge we goramaga; öz ähli güýç-gaýratymy hem-de başarnyklarymy türkmen halkynyň jebisligi, onuň parahat durmuşyny goramaga bagyşlamaga, tükmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň sarpasynyň belende göterilmegi üçin ähli mümkinçiliklerimi peýdalanmaga; türkmen halkyna gulluk etmäge dabaraly kasam edýärin”.
Soňra täze saýlanan döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň şahadatnamasy gowşuryldy.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, oňa dabara gatnaşýanlaryň hemmesi goşulyşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar.
Saýlanan döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişendigi dabaraly yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi.
Döwlet baştutany wezipesine girişip, ýygnananlaryň öňünde eden çykyşynda geljekki ýedi ýyla ýurduň içerki we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny belledi.
Halkymyz bilen, hormatly ildeşler, siziň hemmaňiz bilen bilelikde , öňde goýlan wezipelere hötde geljekdigimize we Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşjakdygymyza ynanýaryn –diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we saýlawlara işjeň gatnaşan saýlawçylara ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Täze saýlanan lider ildeşlerimiziň ynamyny ödemek üçin, güýç-gaýratyny, bilimini, tejribesini we ukybyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Men halkyma, onuň ägirt uly mümkinçiliklerine, bagtyýar we röwşen geljegine berk ynanýaryn—diýip, döwlet baştutany aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hökümet agzalarynyň öz ygtyýarlyklaryny tabşyrmagy hakynda Karara gol çekdi. Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklanylýança hökümet agzalaryna öz wezipelerini ýerine ýetirmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy tamamlanandan soň Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýörüş sazy bilen “Oguzhan” Prezident Köşgi toplumyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we mukaddes Gurhany alyp gidýärler.
Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat eskortynyň ugratmagynda “Oguzhan” Prezident Köşkler toplumyna tarap ugrady, olary ýolda atly esgerler topary çalyşýar.
Esasy girelgede Hormat garawulynyň esgerleri Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy mynasybetli dabaraly harby ýörüşe taýýar bolup nyzama düzüldiler.
Prezidentiň ulagy Galkynyş meýdançasynyň daşyndan aýlanýar, Ýaragly Güýçleriň harby orkestriniň sazy ýaňlanýar we harby gullukçylar ýedi mertebe “Ura” diýşip, döwlet baştutanyny mübärekleýärler.
Hormat garawulynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýär.
Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlanýar we top atylýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň dürli görnüşlerine wekilçilik edýän esgerler Türkmenistanyň Döwlet Kasamyny ýerine ýetirýärler.
Soňra dabaraly harby ýörüş geçirildi. Watan goragçylarynyň toparlary-serkerdeler we motoatyjylar, harby uçarmanlar we deňizçiler, ýörüte ähmiýetli, raýat goranyşy we halas ediş goşunlarynyň, şeýle hem Içer işler ministrliginiň Institutynyň we Milli howpsuzlyk institutynyň talyplarynyň toparlary döwlet baştutanynyň öňünden aýak düzüp, dürs nyzamly, ussat başarnyklaryny we sünnälenen ussatlygyny görkezip geçip gidýärler.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýörüşi kabul edensoň “Oguzhan” Köşkler toplumyna tarap ugrady. Köşkler toplumynyň “Oguzhan” zalynda hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, harby gullukçylarynyň öňünde çykyş etdi.
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Malaýziýa resmi sapa...
2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Bilşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Mil...
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-p...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Wengriýa iş saparyny amala aşy...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde ykrar edilýän ynsanperwer, pähim-parasatly syýasaty esasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli käm...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Güneşl...