Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 21-nji maýynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak işleri tamamlandy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 40-njy maddasyna laýyklykda, bu saýlawlar boýunça saýlaw uçastoklarynyň jemi 255-si döredildi.
Şeýle-de, ýurdumyz boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 177-sinde saýlaw çäreleri dowam edýär. Saýlawlar etraplaryň we şäherleriň jemi 39-synda geçiriler.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlaw işleriniň aýanlygyny berjaý etmek üçin, häzirki wagta çenli syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bellenilen milli synçylaryň jemi 272-si degişli welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Şolardan 67-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 33-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 35-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy we 57-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 28-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 52-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bellenildi. Bellige alnan milli synçylaryň 39,34 göterimi zenanlardyr.
Şu günki günler öňde boljak saýlawlar boýunça saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirmek, dalaşgärleri bellige almak we olara şahsyýetnama gowşurmak, bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirmek, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryny bellige almak, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklaryny guramak, saýlawçylaryň sanawyny düzmek we takyklamak, saýlaw býulletenlerini, saýlaw resminamalaryny çap etmek ýaly beýleki taýýarlyk işleri dowam edýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň degişli guramalary hem-de raýatlaryň toparlary tarapyndan jemi 393-si hödürlenildi. Dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, hödürlenilen dalaşgärler degişli saýlaw toparlarynda bellige alyndy, bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanýar we saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda tamamlanýar.
Saýlaw okruglarynyň jemi 177-si boýunça dalaşgärler saýlaw okruglarynda azyndan iki we ondan-da köp dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär.
Öňde boljak saýlawlaryň köp partiýalylyk şertlerinde geçiriljekdigini, ýagny bu saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň hem-de raýatlaryň toparlarynyň gatnaşjakdygyny aýtmak gerek. Munuň özi ýurdumyzda saýlawlaryň bäsleşik we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...