TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

07 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTLIGINE DALAŞGÄR, TÜRKMENISTANYŇ AGRAR PARTIÝASYNYŇ MARY WELAÝAT KOMITETINIŇ BAŞLYGY DURDYGYLYÇ ORAZOWYŇ MAKSATNAMASY

Meni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hödürlän Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalaryna sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde hemişe uly üstünlikler gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň ýadawsyz döredijilikli zähmeti netijesinde, gysga döwürde eziz Watanymyz ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikler gazandy, onuň halkara abraýy has-da ýokarlandy.

Uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy ýurdumyzda durmuşa geçirilen beýik özgertmeleriň aýdyň beýany boldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny gördi. Häzirki döwürde amala aşyrylýan köp ugurly maksatnamalar, durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler her bir ynsanyň we tutuş jemgyýetiň bähbidini göz öňünde tutýar.

Halkymyzyň gadymdan dowam edip gelýän özboluşly demokratik ýörelgeleri esasynda geçmişde-de pederlerimiz her bir adamyň şahsy mertebesine, hukugyna sarpa goýup, milli demokratiýanyň mekdebini kemala getirip, jemgyýete, halka daýanyp iş tutupdyrlar.

Milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, adam hukuklary babatdaky halkara kadalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy döwletimizde türkmen jemgyýetiniň hukuk binýatlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylan halatymda, men şu işleriň mundan beýläk-de ýokary derejede amala aşyrylmagyny maksat edinýärin:

Döwletiň, jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň has ysnyşykly birleşmegi, kanuny esaslarynyň üpjün edilmegi gözel ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine kuwwatly itergi berer.

Halkymyzyň jebisligine we ruhy gymmatlyklaryna daýanmak bilen, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge, mähriban Watanymyzda durnuklylygy, parahatçylygy, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwrüniň içinde daşary syýasatda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara guramalaryň çäklerinde umumy maksada eýe bolan gatnaşyklar ýola goýuldy we yzygiderli ösdürilýär.

Parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik türkmeniň ata-baba milli ýol-ýörelgesidir, halkymyzyň kalbynda ýaşaýan hemişelik hemrasydyr. Halkymyz hemişe öz mertebesini saklap, mydama hoşniýetli gatnaşyklaryň tarapdary bolupdyr. Şeýle gatnaşyklaryň geljekde hem ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine mynasyp goşandymy goşaryn.

Bitarap döwletimiz zerur bolan halatynda dünýä halklaryna hemişe kömek-goldaw bermäge taýýardygyny mydama mälim edýär we ony anyk işlerde durmuşa geçirýär. Dünýäniň köp ýurtlary bilen alnyp barylýan hoşniýetli diplomatik gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Geljekde bu meseleler hem daşary syýasatda öz beýanyny tapar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri, milli ruhy-ahlak gymmatlyklary, umumy adamzat ynsanperwerlik ýörelgeleri özboluşly filosofiýa eýedir. Şeýle baý filosofiýa daýanmak bilen, biz Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirip, parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdireris.

Häzirki döwürde obany ösdürmek möhüm mesele bolup durýar. Ýerlerde ilatyň göwnejaý ýaşamagyny üpjün etmek üçin zerur bolan düzümi döretmegi maksat edinýäris. Oba ýaşaýjylaryny, şol sanda ýaş maşgalalary alada bilen gurşap almak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, eneler we çagalar hakynda alada etmek, urşa gatnaşan, ekleýjisini ýitiren, kömege mätäç adamlara ýardam bermek üns merkezimizde bolar.

Pähim-parasatly ýaşulularymyzyň pentleri hem-de durmuş tejribesi türkmen halky üçin ahlak esasy bolup hyzmat edýär. Olaryň maslahatlary we teklipleri hemişe göz öňünde tutular.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy hem düýpli özgertmeleriň netijesinde ösüşiň täze belentliklerine gadam basdy. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin babadaýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi, döwlet bilen daýhanlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň aýdyň, sazlaşykly we özara peýdaly esasda ýola goýulmagy daýhanyň hem, döwletiň hem bähbitlerini goramaga gönükdirilip, Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge kuwwatly itergi berýär.

Bu pudak durmuş gatnaşyklaryna hem-de ykdysadyýete örän uly we köp taraplaýyn täsir edýär. Şonuň üçin obany we oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek, şeýle hem hususy ulgamy, şol sanda kiçi we orta kärhanalary ösdürmek Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipesi bolup durýar.

“Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasy hem öz işlerini ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösdürilmegine gönükdirýär.

Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça işler alnyp barylýar, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri nazara almak bilen, ýokary hasyl berýän sortlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berilýär.

Obany özgertmek boýunça Milli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýokary hasyl berýän, ýaramsyz şertlere-aýaza, gurakçylyga, toprak şorlaşmasyna, kesellere, zyýankeş mör-möjeklere, haşal otlara durnukly sortlary döretmek, gowaçadan, bugdaýdan, şalydan, gant şugundyryndan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasly ekin dolanşygy şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň tärleriniň, düzgünleriniň tehnologik kartasyny işläp düzmek barada düýpli ylmy-barlaglary geçirmek şu günüň örän derwaýys we wajyp meselesidir.

Ekinleriň, aýratyn hem gowaçanyň ir ýetişýän sortlaryny döretmek, ony çalt önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, ekin meýdanlaryny agrotehniki kadalara laýyklykda giňeltmek, pagtaçylykda el zähmetini kemeltmek, hasylyň esasy bölegini tehnikanyň güýji bilen ýygmak zerur bolup durýar.

Obalarda bagçylygy, gök we bakja ekerançylygyny netijeli ösdürmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen hojalyklary döretmek möhümdir.

Daýhan birleşiklerine, mülkdarlara ýeňillikli karz serişdelerini bermek arkaly, olaryň öz maşyn-traktor parklarynyň döredilmegine ýardam ederis.

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak, türkmen atçylyk sportuny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek barada ähli tagallalary ederis.

Şöhratly bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda türkmen halky suwa uly sarpa goýup gelipdir. Ata-babalarymyzyň suwa aýawly garamak, ony tygşytly ulanmak baradaky sargytlary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Garaşsyzlyk döwründe döwletimiziň baýlygy, onuň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň egsilmez gözbaşy, halkymyzyň eklenç hem ýaşaýyş çeşmesiniň gözbaşlarynyň biri bolan suwy ulanmak we ilaty suw bilen üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatyna öwrülip, milletiň durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmakda we saglygyny berkitmekde esasy ýörelge boldy.

Ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek üçin suwy arassalamagyň we baýlaşdyrmagyň, suw geçiriji ulgamlary gurmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda her şäherde we etrapda suw arassalaýjy desgalaryň, arassa agyz suwuny öndürýän kiçi kärhanalaryň gurulmagyny üpjün ederis.

Garagum çölüni gülzarlyga öwürjek, ýurdumyzyň ätiýaçlyk suwlaryny ep-esli artdyrmaga, ýerleriň şorlaşmagynyň, suwa basdyrylmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berjek “Altyn asyr” Türkmen köli suw serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga ygtybarly kepil döredýär.

Durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşymyzy gurşap alan tebigaty goramak we suwdan peýdalanmagyň ekologiýa meselelerini çözmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça möhüm meselelere uly üns berip, zähmetsöýer halkymyz bilen suwuň her damjasyny tygşytly peýdalanyp, bereketli topragymyzdan gyzyla barabar hasyl öndürip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylykda, bolçulykda ýaşamagy üçin zerur işleri dowam etdireris.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi möhüm bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary derejede netijeli ulanmak, olaryň amatly geografiki ýerleşişinden doly peýdalanmak, senagatynyň pudaklaýyn ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçiriler.

Ýurdumyzyň täze taryhynyň döredilýän döwründe eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna, diýarymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň abraýyny, şöhratyny we mertebesini artdyrmakda her bir raýatdan ägirt uly tagallalar talap edilýär.

Hut şonuň üçin hem halkymyzyň ýolbaşçy saýlamakda gadymdan gelýän däp-dessurlaryna çuň eýerip, milli türkmen demokratiýasyny goldanyp, saýlawlara ýokary guramaçylykly barmak, saýlawçylaryň ýokary işjeňligini üpjün etmek bilen, ýurdumyza mynasyp baştutanyň saýlanylmagyna örän jogapkärli çemeleşmegimiz gerek.

Zähmetsöýer, agzybir halkymyz bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň mundan beýläk hem has kuwwatly ösmegini, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny, ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, türkmen halkynyň jebislikde, bolçulykda ýaşamagyny we işlemegini gazanmak, döwletimiziň ykdysady mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak ugrunda özümiň ähli bilimimi, tejribämi, gujur-gaýratymy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, maşgala abadançylygyny, işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin!

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, beýleki dalaşgärleri we bütin türkmen halkymyzy Sagdynlyk we ruhybelentlik ýyly bolan Täze, 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Täze ýyl düşümli, rysgally, döwletli ýyl bolsun!

 

 

Durdygylyç Orazowyň terjimehaly

 

1956-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” geňeşliginde doguldy.

1978-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, matematika mugallymy hünärini ele aldy.

1978-1996-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdepde matematika mugallymy, soňra müdiriň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipesinde işledi.

1996-2000-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” daýhan birleşiginiň dowardarçylyk fermasynyň müdiri, gara mallar fermasynyň kärendeçisi bolup işledi.

2000-2014-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” daýhan birleşiginiň başlygy wezipesinde işledi.

2014-nji ýylyň dekabr aýyndan bari Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Мary welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, ýedi çagasy bar.

26 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...

20 Dek
Türkmen —Malaýziýa gatnaşyklarynda täze sahypa

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Malaýziýa resmi sapa...

11 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň...

09 Dek
Şöhratly geçmişiň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Bilşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Mil...

05 Dek
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-p...

03 Dek
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýy­lyň 29-njy noýabrynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Weng­riýa iş saparyny amala aşy...

19 Noý
Merkezi saýlaw topary täzeden döredildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde ykrar edilýän ynsanperwer, pähim-parasatly syýasaty esasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli käm...

11 Noý
Watanymyz — bagy-bossan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Güneşl...