Hormatly Prezidentimiziň-ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda beren pähim-parasatly tabşyryklaryndan ugur alyp, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 27-nji fewralda Merkezi saýlaw toparynda mejlis geçirildi.
Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edaralarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary tarapyndan hödürlenen jemi 111 dalaşgär bellige alyndy. Dalaşgärleriň terjimehaly baradaky maglumatlar köpçülikleýin metbugat habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetiriler.
Dalaşgärleriň 20-si Ahal welaýaty boýunça, 21-si Balkan welaýaty boýunça, 18-si Daşoguz welaýaty boýunça, 18-si Lebap welaýaty boýunça, 17-si Mary welaýaty boýunça we 17-si Aşgabat şäheri boýunça hödürlenen dalaşgärlerdir. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji martda tamamlanýar, bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.
Şeýle-de, mejlisde saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak, käbir saýlaw we iş toparlarynyň düzümi bilen bagly meselelere seredildi hem-de degişli kararlar kabul edildi.
Şeýle hem, şol gün Aşgabat şäheri boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna bellige alnan 17 dalaşgäre şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Mejlise gatnaşyjylar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» ýylynyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlaryň ýurdumyzyň syýasy durmuşynda milli Liderimiziň tutumly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň mundan beýläk hem has-da rowaçlanmagynda uly ähmiýete eýe boljakdygyny, saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegi üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtamak bilen, Türkmenistanyň halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we alkyş aýtdylar.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...