TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

01 Apr

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary  geçirmek boýunça  merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary esasynda, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijelerini jemlemek, tassyklamak we yglan etmek bilen bagly bolan meseleler girizildi.

Mejlisiň başynda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy bu ýere ýygnananlara möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek  we ony geçirmek boýunça alnyp barlan   işler barada habar berdi hem-de hormatly Prezidentimiziň ýakynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde  saýlawlary taýýarlamaga gatnaşan adamlaryň  ählisine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmek barada tabşyryk berendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşanlara hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň ähli işgärlerine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, mejlise gatnaşyjylar işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Mejlisiň dowamynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň  saýlawlaryň netijelerini jemlemek boýunça alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Welaýatlaryň we paýtagtymyzyň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi. Şeýlelikde, bellige alnan 112 dalaşgärden her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8-si, Türkmenistan boýunça jemi  48-si Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy. Munuň özi saýlawlar güni 48 mandat üçin  bir orna iki we üç dalaşgäriň bäsleşendigini görkezýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 8 agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Saýlawlarda welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalary ýurdumyzda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilen saýlawlarda ses bermek çäresine işjeň gatnaşdylar. Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça jemi 98,7%  gatnaşyk boldy.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ähli çäreleriň hereket edýän milli kanunçylygyň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyk derejede, öz wagtynda geçirilendigi bellenildi.  

Saýlawlar bilen baglanyşykly çäreleriň ähli tapgyrlarynyň geçişine milli synçylaryň 440-si syn etdi. Saýlawlara syn etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň habarlary diňlenildi. Habarlardan mälim bolşy ýaly, milli synçylar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde we hiç hili düzgün bozulmasyz geçirilendigini nygtadylar.

Milli parlamentiň iki palataly düzüminiň döredilmegi halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, demokratik düzümleriň berkidilmeginiň bähbidine gulluk etmek üçin täze mümkinçilikleri açar. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygaryň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...