TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

14 Iýun

Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary täzeden döredilýär

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, giň gerimli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus ýagdaýda rowaçlanýar.

Arkadag Prezidentimiziň saýlawlary guramaçylykly, demokratik kadalara laýyklykda geçirmek baradaky pähim-parasatly nesihatlaryndan ugur alnyp, saýlaw ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine we guramaçylykly amala aşyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär.

Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyklyk üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň möhüm ähmiýeti bardyr.

2016-njy ýylyň iýun aýynda döredilen welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda we guramaçylykly amala aşyrylýar.

Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9-13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Ýurdumyzda saýlawlar bilen bagly çäreleriň syýasy köpdürlülik, ýagny köppartiýalylyk ýörelgeleri esasynda geçirilýändigi aýratyn nygtalmaga mynasyp şertlerdir. 

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem saýlaw hukukly halk köpçüliginiň hataryndan düzülýän raýatlar toparlarynyň  ýygnaklarynda hödürlenilýär. 

Mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Her mejlisde we ýygnakda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparynyň düzümine diňe bir wekil hödürlenilip bilner.

Saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenýänler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyna we saýlawlar hakyndaky kanunçylyga düşünýän, guramaçy, tejribeli, il arasynda abraýa eýe, dürli ýaşdaky, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda işleýän, saýlaw toparynyň agzalygyna mynasyp adamlardyr. Bu bolsa döwrebap derejede demokratiýalaşýan häzirkizaman türkmen jemgyýetinde saýlawlaryň mundan beýläk-de kanunalaýyklykda geçiriljekdigini şertlendirýär.

Hödürleme mejlisleriniň, ýygnaklarynyň netijelerine laýyklykda, bu saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, toparyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýlap, düzümini düzerler hem-de olaryň täze düzüminiň agzalaryna şahsyýetnamalar gowşurylar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw toparlarynyň täze düzümi baradaky maglumatlar ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary, hukuklary we işini guramagyň, iş şertleriniň üpjün edilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň ýörite maddalary arkaly kesgitlenilýär we kepillendirilýär.

Ýurdumyzda saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler hem-de bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Şu nukdaýnazardan, welaýat,  Aşgabat   şäher   saýlaw  toparlarynyň täze düzümi hem geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek dürli görnüşli saýlawlara işjeň gatnaşar.

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...