Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda günsaýyn ösüp barýan asuda ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar.
Şol çäreleriň hatarynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanylýan ýylynyň iýul aýynda etraplaryň, şäherleriň täzeden döredilen saýlaw toparlary bilen bagly ýerine ýetirilen işleri hem mysal edip görkezmek bolar.
Has anygy, 2016-njy ýylda döredilen etrap, şäher saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda we bellenilen möhletde welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary tarapyndan guramaçylykly amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda guramaçylykly geçirildi.
Şeýle-de, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlaryň hödürlenilendigi hem bellärliklidir.
Ýurdumyz boýunça etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek hakyndaky mejlisleriň, ýygnaklaryň jemi 662-si geçirilip, bu çäreler aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda we demokratik esaslarda amala aşyryldy.
Geçirilen mejlisleriň, ýygnaklaryň netijelerine ser salanymyzda:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 193;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 17;
Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 48;
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 161;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 87;
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 79;
Raýatlaryň toparlaryndan 77 wekiliň hödürlenilendigini görmek bolýar.
Wekil hödürlemek hakynda geçirilen mejlisleriň, ýygnaklaryň teswirnamalaryna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, onda toparyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýladylar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlary degişli welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary tarapyndan 11–15 agzadan ybarat düzümde döredilýär.
Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça 60 sany etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 662-ä deň boldy we olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.
Şol sanda:
Ahal welaýatynda 8 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, olaryň agzalarynyň sany 88-e;
Balkan welaýatynda 13 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, olaryň agzalarynyň sany 143-e;
Daşoguz welaýatynda 11 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, olaryň agzalarynyň sany 121-e;
Lebap welaýatynda 11 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, olaryň agzalarynyň sany 123-e;
Mary welaýatynda 13 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bolup, olaryň agzalarynyň sany 143-e;
Aşgabat şäherinde 4 sany etrap saýlaw toparlary bolup, olaryň agzalarynyň sany 44-e deň boldy.
Ýurdumyz boýunça etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 32,33 % zenanlardyr. Bilimi boýunça 65,86 % ýokary, 24,92 % ýörite orta, 9,22 % orta bilimli adamlardyr. Şeýle hem agzalaryň 70,70 % göteriminiň ýaşynyň 30-dan 50-ä çenlidigini bellemek bolar, munuň özi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ýaş nesliň hem işjeň gatnaşýandygyny aňladýar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümi öz ygtyýarlyk möhletiniň çäklerinde geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda demokratik esaslarda geçiriljek dürli görnüşli saýlawlara işjeň gatnaşar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...