TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

08 Noý

Bag ekmegiň güýzki möwsümi

Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler döwletimiziň üns merkezinde bolup, arkadag Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde, her ýylyň ýaz, güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag oturtmak işleri asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen şenbe güni  ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli güýz möwsümine badalga berildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň günorta bölegine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we   köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şonuň bilen baglylyk-da, şenbe güni geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 153 gektar meýdany eýeleýän medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde we töwereginde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglara ideg işleri geçirildi.

Köpçülikleýin bag ekmek dabaranyň çäklerinde, bir günüň dowamynda ýurdumyz boýunça jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary ekildi. Şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarymyzda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün öň bar bolan 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna hem ideg edildi.

Milli Liderimiziň tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini gi­ňeltmek baradaky başlangyçlary halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Dag derelerinde we baýyrlyklarda häzir arça agaçlarynyň tokaýlyklary döredildi, olaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär. Garaguma mahsus bolan sazak, gandym, çerkez ýaly agaçlaryň ekilýän ýerleri hem özgerýär. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasy indi asylly däbe öwrüldi. Aslynda-ha, türkmen halky ene topragyny asyrlarboýy bagy-bossanlyga öwürmegi arzuw edipdir. Bag oturdan adam hemişe aýratyn hormata eýe bolupdyr.

«Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­magyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da ekil­ýän bag na­hal­la­ry te­bi­gatymyzyň gözelligine gözellik goşar, ekologiýa abadançylygyny üpjün eder. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly belleýşi ýaly, bag ekmek gadymy topraga adyňy müdimi ýazmakdyr. Zähmetsöýer pederlerimiz gadym döwürlerden bäri ajaýyp baglary döretmegiň inçe syrlaryny öwrenipdirler hem-de nesilden-nesle miras galdyrypdyrlar.  

Hormatly Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 30 million düýbüni oturtmak bellenildi. Şolaryň 10 milliony paýtagtymyzyň töwereginde ekiler.

Eziz Watanymyzy gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürmekde uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-halk bähbitli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...