TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

15 Noý

Rysgal-berekediň toýy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ba­ba­daý­han­la­ry­my­zyň gaý­rat­ly zäh­me­ti­niň ne­ti­je­le­ri­ne, türk­men top­ra­gyn­da ýe­tiş­di­ri­len bol ha­sy­la äh­li­halk buý­san­jy­nyň ny­şa­ny bo­lan Ha­syl to­ýuny ulydan bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzda «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnaldy. Pag­ta — ýur­dumy­zyň esa­sy baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri.

Milli Liderimiziň döredýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýurdumyzyň pag­ta­çy daý­han­la­ry mu­kad­des Ga­raş­syz­lygy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan belle­ni­len  ýy­lyny  zäh­met üs­tün­li­gi­ne bes­le­di­ler.  Pagtaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde,   Wa­ta­n har­ma­ny­na «ak al­ty­nyň» 1 million  250 müň   ton­na­dan gow­ra­gy­  tapşyrylyp, arzy­ly sep­gi­de ýet­di­ler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl türkmen gallaçylary hem ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny  tabşyryp, azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de,  miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirip, milli ykdysadyýetimiziň berkemegine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde belleýişi ýaly: «Biziň topragymyz: «Kesewini dürtseň, gögerýär» diýen toprak. Ýoluny tapsaň, zähmetini çekseň, munda ynsan ýaşaýşy üçin gerekli ekinleriň bitmeýäni, zerur önümleriň önmeýäni ýok. Bugdaý, pagta, pile, şaly, gök we bakja ekinleri, miweli baglar». Ekerançy alymlaryň aýtmagyna görä, ýurdumyzda sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaçanyň 20-den gowrak sorty ekilýär.

Pagtaçylyk Türkmenistanyň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandy üpjün edýän ähmiýetli pudakdyr.

Hawa, gowaça — yrýasyz ekin. Hasylynyň 95 göterimi dürli önümleri almaga ýaramly bu gadymy ekiniň durmuşyň tas ähli ugrunda öz orny, ähmiýeti bar. Pagtanyň diňe egin-eşik önümçiligindäki ulanyş  taryhyna ser salsak, ol üç müň ýyldan hem geçýär. Mälim bolşy ýaly, gymmaty barha artýan gowaça häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda ösdürilip ýetişdirilýär. Ýöne «Ýer ala, ýurt ala» diýleni, ähli ýerde bitginliligi, berekedi deň däl. Günüň tylla howrundan, topragyň sahawatyndan ýetdik paýyny alyp ýetişýän türkmen pagtasy hili boýunça dünýäde iň gowularyň biri diýlip ykrar edilýär. Güneşli Diýarymyzyň toprak-howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Täzeçil tehnologiýa esaslanýan häzirki zaman önümçiliginde pagta süýümi Diýarymyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig maldyr.

Milli  yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­rynyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­tyn­y ösdürmek maksady bilen, ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de häzir­ki döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän, kä­mil en­jam­lar bi­len enjamlaşdyrylan dok­ma kär­ha­na­la­ry­ny  gu­rup, ulan­ma­ga bermek işleri dowam edýär. Şu ýyl hem şeýle toplumlaryň biri hormatly Prezidentimiziň gatnaşyp, ak pata bermegi bilen  Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda işe girizildi. Bu top­lu­myň önüm­çi­lik kuw­wa­ty ýylda 3 650 ton­na ýo­ka­ry hil­li ýüp­lük­le­ri, 12 mil­lion ine­dör­dül metr dür­li gör­nüş­li ma­ta­la­ry hem-de 1 mil­lion 200 müň sa­ny taý­ýar ti­kin önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr.  

Hä­zir­ki dö­wür­de bu pu­da­gyň ga­ra­ma­gyn­da 60-dan gow­rak kär­ha­na bo­lup, olar­da 24 müňden gow­rak adam zäh­met çek­ýär. Ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­k taý­dan aras­sa dok­ma önüm­le­ri­miz bu gün «Türkmenistanda öndürilen» diýen nyşan bilen, dün­ýä­niň on­lar­ça döw­le­ti­ne eks­port edil­ýär.

Ata-babalarymyzdan gelýän  «Daýhandan hereket, ýerden bereket» diýen pähime eýerip, daýhanlarymyzyň ene topraga yhlas siňdirip  ýetişdiren bol hasyly  her bir maşgalanyň rysgal-berekediniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir. 

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny uly ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...