Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Aşgabat şäherinde şu ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti halkara derejesinde uly ähmiýete eýe boldy. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu çäre giňden beýan edildi. YHG-nyň Tertipnamasyna laýyklykda, oňa agza döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklary iki ýyldan bir gezek geçirilýär. Şoňa laýyklykda, Guramanyň başlygy wezipesini oňa agza döwletleriň her biri iki ýyl möhlet bilen, gezekleşikli ýerine ýetirýär.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu taryhy sammite Gurama agza ýurtlaryň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylary, şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary gatnaşdy.
Döwletimiz 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, Gurama girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli amala aşyrýar. Milli Liderimiz Sammitiň barşynda çykyş edip, ýurdumyzyň bu Gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde öňe süren hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Türkmen tarapynyň bu forumyň geçirilmegini oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çäre hökmünde kabul edýändigini belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny amala aşyrmak bilen, öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde döwletimiz sebit derejesinde däp bolan gatnaşyklara ygrarly bolup, YHG-nyň ähli agza döwletleri bilen ozaldan gelýän hoşniýetli we ýakyn gatnaşyklary saklaýar.
Häzirki wagtda Gurama agza-ýurtlaryň durmuş-ykdysady hyzmatdaş-lygynyň giňeldilmegi, önjeýli özara hereketleriň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikler döredilendir.
Halkara derejeli forumyň barşynda çykyş eden döwlet we hökümet baştutanlary hem-de YHG-nyň Baş sekretary bu sammitiň oňyn çözgütleriň kabul edilmegine itergi beren netijeli meýdança bolandygyny belläp geçdiler.
Şeýlelikde, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň paýtagtymyzyň köpugurly işewürlik merkezli bolan «Garagum» otelinde geçirilen XV sammiti Türkmenistanyň bu guramanyň işine işjeň gatnaşyp, dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşant goşýandygynyň, halkara abraýynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...