Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Saýlawlara taýýarlyk görülýän we ses berilýän günler halkara jemgyýetçiliginiň synçy nazary Türkmenistana gönükdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilişine syn etmek üçin, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Türkiýeden, Eýran Yslam Respublikasyndan halkara synçylar toparlary gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçişine syn etmek üçin gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.Anfimowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem ýurdumyzda geçirilen Prezident saýlawlaryna ýokary baha berdi.
Saýlawlara syn eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary öz saýtynda ýerleşdirilen beýanynda şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemleri barada şeýle belleýär:
«Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň çakylygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary 2022-nji ýylyň 28-nji fewralyndan başlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň barşyna we geçirilişine syn etdi.
Synçylar topary öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanyp, saýlawlaryň geçirilişine we döwletiň içerki işlerine gatyşmazdan, Arkalaşygyň çäginde kabul edilen kadalaryň esasynda, erkin we garaşsyz amala aşyrdy.
Synçy hökmünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gyrgyz Respublikalaryndan, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden wekilçilik edýän synçylaryň 40-sy gatnaşdy.
Synçylaryň arasynda deputatlar, milli parlamentleriň wekilleri, Arkalaşygyň ýurtlarynyň merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary, agzalary we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri hem bar.
Synçylar Türkmenistanyň umumy ykrar edilen demokratik kadalara ygrarlydygyny, saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, guramaçylykly, bäsleşik esasynda geçirilendigini bellediler».
Munuň şeýledigini Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar toparynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri baradaky beýany hem tassyklaýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna syn eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar toparynyň beýannamasy aşakda görkezilen netijeler bilen jemlenilýär:
«Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar topary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça şeýle netijä gelýär:
Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi;
Saýlawlar açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda hem-de giň bäsleşik esasynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi;
Demokratik saýlawlar babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýär».
Arkalaşygyň synçylary Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Merkezi saýlaw toparyna döwlet durmuşynyň wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäresine gatnaşmaga çakylygy we saýlawlara halkara derejesinde syn etmäge döredilen ähli zerur şertler üçin hoşallyklaryny bildirýärler.
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...