TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

26 Apr

Türki Döwletleriň Guramasynyň halkara synçylar toparynyň beýannamasy

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna halkara synçylar toparlary syn etmäge gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdat Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky halkara synçylar toparynyň hem saýlawlara syn etmäge gatnaşandygyny bellemek gerek.

Saýlawlara syn eden bu synçylar toparynyň Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlarynyň jemleri barada öz saýtynda ýerleşdirilen beýannamasynda, hususan, şular bellenilýär:

«Biz öz işimizi Türkmenistanyň milli kanunçylygyna hem-de saýlawlary guramak we geçirmek boýunça halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alyp bardyk.

Synçylar topary Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler, Saýlaw kodeksi, saýlawlara halkara synçylaryň gatnaşyşy, ýurtda we onuň çäginden daşardaky raýatlaryň ses bermegini guramak babatynda alnyp barlan işler bilen jikme-jik tanyşdy. Saýlaw möwsüminde ýörite okuwlaryň geçirilmegine uly ähmiýet berilmegi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Saýlawlara taýýarlyk barada aýdylanda bolsa, ýurtda ses bermek üçin  saýlaw uçastoklarynyň 2618-si döredildi. Şol sanda saýlaw uçastoklarynyň  41-si daşary ýurtlaryň 30-synda döredildi. Bu bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlaryň ses bermekleri üçin oňaýly şertleri döretdi. Munuň özi şeýle iri jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramakda zerur bolan esasy tagallalaryň biridir.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ählisiniň hem ilkinji gezek dalaşgär hökmünde hödürlenmegi, öz gezeginde, ýurduň syýasy gurluşynyň täzelenilýändigini hem-de saýlap alan ösüş ýolunyň berkidilýändigini alamatlandyrýar.

Dalaşgärleriň hereket edýän syýasy partiýalardan we welaýatlaryň ählisinden we Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenmegi jemgyýetiň hemme gatlaklarynyň wekilçiliginiň giňeýändiginden nyşandyr.

Saýlaw möwsüminde dalaşgärlere ähli ugurlarda deň mümkinçilikler we şertler döredildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleriniň çäklerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öz maksatnamalary bilen çykyş etmekleri üçin her bir dalaşgäre 15 minut bölünip berildi. Bu bolsa dalaşgärlere deň şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini aňladýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Synçylar toparynyň wekilleri saýlawlaryň geçirilen gününde Aşgabat şäherinde 8, Ahal welaýatynda 3 saýlaw uçastogyna baryp gördüler. Ses bermegiň barşy hem-de oňa gatnaşan saýlawçylaryň sany baradaky maglumatlar, milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, bellenilen wagtda yglan edildi. Saýlawlar gününde saýlawçylaryň öz islegine görä, mynasyp dalaşgäre ses berip, raýatlyk borjuny berjaý etmegi üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.

Saýlawlara gatnaşyk ýokary derejede boldy we saýlawlar Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi. Ilkinji gezek ses bermek hukugyna eýe bolan ýaş raýatlara saýlaw uçastoklarynda aýratyn üns berildi we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Synçylar topary, daşyndan başga bir adamyň saýlawçylara nädip ses bermelidigine täsir etmäge synanyşandygyny görmedi, saýlaw uçastoklaryna barmaga doly ygtyýar berildi we saýlaw uçastogynyň agzalaryndan jikme-jik maglumat aldy. Şeýle hem Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň arassaçylyk kadalarynyň doly berjaý edilmeginde, asuda we parahat ýagdaýda geçendigi bellärliklidir.

Synçylar topary dolandyryş we hukuk goraýjy düzümleriň saýlaw uçastoklarynyň hiç biriniňem işine goşulan ýagdaýynyň ýüze çykmandygyny, saýlawlaryň asuda we parahat ýagdaýda geçendigini nygtaýar.

Ýurduň Saýlaw kodeksine laýyklykda, milli synçylara-da, halkara synçylaryna-da saýlawlaryň geçişine yzygiderli syn etmek işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik döredildi. Bu bolsa möhüm syýasy wakanyň aç-açanlygyny we aýanlygyny, synçylaryň jemgyýetçiligiň öňündäki hasabatlylygynyň ýokary derejesini gazanmaga ýardam etdi.

Saýlawlaryň geçişiniň ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly okyjylara dessin ýetirilip, giňden ýaýradylmagy hem saýlawlaryň açyklyk we aýdyň­lyk ýagdaýynda geçmeginde uly ähmiýete eýedir.

Şeýlelikde, Türki Döwletleriň Guramasynyň halkara synçylar topary saýlaw işleri halkara ülňülerine we milli kanunçylyga laýyklykda geçirildi diýip baha berendigini tassyklaýar. Şol sebäpden, Türkmenistanyň hormatly Prezidentini we türkmen halkyny saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlaýarys we saýlawlaryň netijeleriniň ýurduň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjakdygyna umyt edýäris».

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...