TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

06 Maý

Manyly ömrüň kämil menzilleri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­rasat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li gymmat­lyk­la­ry­my­za   aý­ra­tyn sar­pa go­ýul­ýar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz sanly ulgam arkaly şu ýylyň 25-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimize ýüzlenip, ençeme ýyllaryň dowamynda ýolbaşçy wezipede işläp, şol ýyllaryň 25 ýylyny syýasat bilen meşgul bolandygyny aýtdy. Şeýle hem işiniň köp bolanlygy sebäpli, doly derejede dynç alyp bilmändigini mälim edip, özüne 1-nji aprelden zähmet rugsadynyň berilmegini  haýyş etdi. Şeýle-de zähmet rugsady döwüründe öz täze kitaplaryny tamamlap biljekdigini belledi.

Ynha, her bir güni toýlara-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýän,  «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän şanly ýylda milli Liderimiziň zähmet rugsadynda bolup, «Öm­rümiň ma­ny­sy» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri­ni mübärek Remezan aýynda bagtyýar hal­ky­my­za sow­gat et­megi türkmen okyjylary üçin gymmatly ruhy serpaý boldy. Kitabyň girişinde awtor — Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk-de nämeleri etmelidigi barada pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny  belleýär.

Alym Arkadagymyz pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Kitapda türkmen topragynyň müň­lerçe ýylyň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin örän ähmiýetli mekan, uly wakalaryň, siwilizasiýalaryň mesgeni bolandygyny beýan edýär.

Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň döreden beýik ýaşaýyş medeniýetleriniň, guran beýik döwletleriniň adamzadyň taryhynda lowurdap durandygyna aýratyn üns çekýär. Ol döwletleriň ylym, ýol-ýörelge, adalat baýdagy bolup pasyrdandygyny nygtaýar.

Hormatly Arkadagymyz şeýle diýýär: «Biz — bu günki türkmenler, geçmişimizi çuň­ňur öwrenmek bilen, gadymy oguztürkmen döwletiniň, Parfiýa döwletiniň, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleriniň, osman türkmenleriniň soltanlyklarynyň, beýleki türkmen döwletleriniň şöhratyna buýsanyp bileris».

Täze kitabyň «Ömrümiň manysy» diýlip atlandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti, uly manysy bar, çünki Gahryman Arkadagymyz manyly durmuş ýolunda ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen jemgyýetine sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmak babatda ägirt uly işleri alyp bardy. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ençeme taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri Bütindünýä mirasynyň genji-hazynasyna girizildi.

Milli Liderimiz täze filosofik eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olary umumylaşdyrmak bilen, ruhy kämillik, ýaradylyşyň kanuny, her bir adamy belende göterýän oňat gylyk-häsiýetler we ýagşy niýet meselelerine aýratyn üns berýär.
Kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybaratdyr. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi türkmen halkynyň ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň gymmatlygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar.

Tä­ze eser­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öm­rü­niň ma­ny­ly menzil­le­ri, dur­muş ýo­ly ba­ra­da­ky mag­lumat­lar, hal­ky­my­zyň dün­ýä nus­ga­lyk asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri, mil­li däp-des­sur­lary­myz ba­ra­da söh­bet edil­ýär. Ki­tap­da mil­li baý­ra­my­myz bo­lan Ora­za baý­ramy­nyň türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şyn­daky or­ny, onuň äh­mi­ýeti ha­kyn­da çe­per, anyk de­lil­ler ar­ka­ly be­ýan edil­ýän maglu­mat­lar oky­jy­ny bi­parh goý­ma­ýar.

Biz Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geljek 30 ýyly üçin kesgitlenen belent maksatlara ýetmekde ýaşuly hem ýaş nesillere ruhy goldaw boljakdygyna berk ynanýarys.

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...