Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Mejlisiň deputaty, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Durdyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyga gatnaşýan ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri R.Durdyýewiň terjimehaly bilen tanyşdyryldy we teklipçi raýatlar toparyndan görkezilden dalaşgäriň şahsy we işewür häsiýetleri barada maglumat berildi. Dalaşgäriň ynanylan adamy ony abraýly, öz işini bilýän ýolbaşçy, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine berlen adam hökmünde häsiýetlendirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaş edýäne söz berdi.
Bu ýere ýygnananlara mähirli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, R.Durdyýew munuň öz durmuşynyň iň tolgundyryjy we jogapkärli pursatlarynyň biridigini nygtady. Ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilmegiň ägirt uly hormatdygyny belläp, ol özüne bildirilen ynamy abraý bilen ödemek ugrunda güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy. Soňra dalaşgär özüniň maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Azyk howpsuzlygynyň binýadyny berkitmek, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almak bilen, esasy pudaklary köpugurly esasda ösdürmek bilen ykdysady kuwwatlyklary artdyrmak onuň maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýar.Aýratyn-da, dalaşgär turba geçirijiler ulgamynyň kämil düzüminiň döredilmeginiň, nebitgaz toplumynyň birnäçe desgalarynyň, aragtanaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Nebiti gaýtadan işlemek, nebitgaz we himiýa senagatyny ösdürmek pudagyň esasy ugry bolup durýar. Bu meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugruna öwrelmelidir diýip, R.Durdyýew belledi.
Mundan başga-da, durmuş maksatnamalaryna goldaw bermek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny we şäherleriň hem-de obalaryň abadanlaşdyrylyşyny giňden ýaýbaňlandyrmak, ylmy, bilimi ösdürmek, obasenagat toplumyny özgertmek meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolar.
Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bu ýere ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi hem-de olaryň arzuw-isleglerini üns bilen diňledi. Duşuşyga gatnaşyjylar bilen bolan gürrüňdeşligiň barşynda dalaşgär öňe sürýän wezipeleriniň netijeleri hem-de olary çözmegiň anyk ugurlary barada gürrüň berdi. Duşuşykda guralan netijeli söhbetdeşlige ýaşulular we ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ol döwletiň demokratik we hukuk binýatlaryny pugtalandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, türkmen halkynyň medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dikeltmek hem-de baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam eder.
Bildirilen gyzyklanmalar we uly üns üçin duşuşyga gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär özüniň ähli ukyp-başarnygyny mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlajakdygyna saýlawçylary ýene bir ýola ynandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...