Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz dostlukly goňşy döwletimiz bolan Eýran Yslam Respublikasyna resmi iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň dowamynda goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn bähbitli döwletara gepleşikler geçirildi.
Häzirki döwürde ýakyn goňşy ýurt bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk diňe bir özara bähbitli esasda däl, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär. Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine güýçli itergi bolup, bilelikdäki işleriň netijeleri boýunça toplanan tejribeleri hem-de ykdysady mümkinçilikleri nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan çemeleşmeleri kesgitlemekde oňyn şertleri üpjün etdi.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçysy wezipesinde daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäklerinde Tährana guran ilkinji saparydyr. Munuň özi Türkmenistanyň Eýran bilen iki taraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Iş saparynyň dowamynda iki ýurduň Liderleriniň ikiçäk görnüşdäki duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şunda Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly üns berýär diýip belledi.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary metbugat üçin gysgaça ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Mundan başga-da, iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünden Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşdy.
Soňra «Hafeziýe» köşgünde döwlet Baştutanlary eýran halkynyň milli gymmatlyklaryna we goňşy ýurduň amaly-haşam sungatyna degişli sergini synladylar.
Hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasyna şu gezekki saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar iki goňşy döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine alnyp barylýan deňhukukly, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...