Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dost-doganlygyň, parahatçylygyň mekany Türkmenistan beýleki Hazarýaka döwletleri bilen bilelikde sebit we dünýä ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orna eýe bolan Hazar ugrunyň has işjeňleşmegi üçin täze hukuk binýady döredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde 29-njy iýunda Aşgabat şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti hem bu ugurda nobatdaky möhüm ädim bolar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan ýurtlaryň arasyndaky doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, Hazaryň parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi derejesiniň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegini dowam etdirer.
Ýeri gelende aýtsak, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň I-nji sammiti 20 ýyl mundan ozal, 2002-nji ýylda eziz Watanymyzyň paýtagtynda geçirilendigini ýatlamak örän ýakymlydyr. Munuň özi dostluk deňzindäki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hut Aşgabatdan badalga alandygyny tassyklaýar. Şondan soňra Hazar «bäşliginiň» döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammitlerde garalan esasy mesele Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy bilen bagly bolupdy.
Hazar deňziniň halkara hukuk ýagdaýynyň kesgitlenmeginde Türkmenistanyň deslapdan Hazarýaka döwletleri bilen el-ele, egin-egne berip, uly tagallalar edendigi, netijede, 2018-nji ýylda Aktauda geçen V sammitde bu resminamanyň kabul edilmegine uly goşant goşandygy hem bellärliklidir. Geçirilen sammitde Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň kabul edilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçiliklere giň ýol açdy.
Şeýle-de, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça üstünlikli geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy Aziýa bilen Ýewropanyň serhedinde ýerleşen bu sebitiň ykdysady utgaşmasynda täze meýdançanyň binýadyny goýdy.
Gadymy alymlar tarapyndan Girkan diýlip atlandyrylan dünýäniň iň uly kölüniň – Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň umumy uzynlygy 6700 kilometre barabar bolup, şonuň takmynan 1200 kilometri Türkmenistanyň, 2320 kilometri Gazagystanyň, 955 kilometri Azerbaýjanyň, 724 kilometri Eýranyň, 695 kilometri Russiýanyň paýyna düşýär.
Şeýlelikde, Hazar – suwüsti gatnaşyklaryň, söwda flotiliýasy boýunça ykdysady ösüşleriň deňzidir. Hazar – ulag-üstaşyr geçelgeleriň deňzidir. Hut şonuň üçin hem Hazar deňzi gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti uzak geljegi nazarlaýan tutuş sebit bähbitli möhüm çäredir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...