TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

01 Iýul

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň paýtagtymyzda geçen VI sammiti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni kalbyňy şatlandyrýan buýsançly, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Ine, şeýle taryhy wakalaryň biri hem 29-njy iýunda Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti  bolup, ol halkara derejesinde uly ähmiýete eýe boldy. Parahatçylyga we hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan su syýasy ähmiýetli döwletara çäresi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goň­şuçylygyň taryhy ençeme asyrlardan gözbaş alýar. Şu döwürde özara gatnaşyklaryň özboluşly, köp babatda täsin tejribesi toplanyldy. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitinde hem taraplar şu gatnaşyklary pugtalandyrmak we baýlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, medeni hyzmatdaşlygy gi­ňeltmek üçin mundan beýläk-de şertleri döretmek barada ylalaşdylar.

Oňa gatnaşyjylaryň oňyn meýilleri, umumy döredijilikli maksatlara ygrarlylygy Hazar deň­zinde ysnyşykly hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýlelikde, bu bäştaraplaýyn duşuşyk Türkmenistanyň Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine öň­dengörüjilikli, örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Mundan başga-da, şol gün Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen döwlet baştutanlary bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň baştutanlary Milli Ge­ňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni, ýagny 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de ata Watanymyzyň ösüşiniň, abadançylygynyň bähbidine döwlet hem-de jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň degişli permanyna laýyklykda, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin Gazagystanda meşhur döwlet işgäri hökmünde oňat tanalýan hem-de belent sarpa goýulýan Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy — «Altyn Bürgüt» («Altyn Kyran») ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dostlukly döwletiň Baştutany Gahryman Arkadagymyza Gazagystan Respublikasynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin aýry-aýry raýatlara, şeýle hem häzirki zamanyň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärlerine gowşurylýan ýokary tapawutlandyryş nyşanyny — «Altyn Bürgüt» ordenini gowşurdy.

Soňra, Gahryman Arkadagymyz ýokary sylag üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagy türkmen halkyna hem-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary sarpa hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Biz hem häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzy bu ýokary sylagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...