Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda 2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Saýlawlary geçirmegiň talaplaryna baha bermek boýunça paýtagtymyza gelen wekiliýeti – BMG-niň Syýasy meseleler we saýlawlar boýunça müdirliginiň baş hünärmeni Swetlana Galkina, BMG-niň Saýlawlary geçirmäge ýardam etmek boýunça bölüminiň hünärmeni Weronika Liwsisa, BMG-niň Saýlaw syýasaty boýunça hünärmeni Den Malinowiç bilen duşuşyk boldy. Duşuşyga Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow, şeýle-de Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasy bilen Gahryman Arkadagymyz tarapyndan düýbi tutulan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ikitaraplaýyn we köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen bellediler.
Soňra Merkezi saýlaw toparynyň başlygy şeýle diýdi: «Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär». Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanandygy hem şaýatlyk edýär.
Duşuşykda myhmanlara ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, şonuň bilen birlikde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, şeýle hem degişli saýlaw toparlarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi.
Duşuşugyň dowamynda BMG-niň Syýasy meseleler we saýlawlar boýunça müdirliginiň baş hünärmeni Swetlana Galkina söz berildi. Ol myhmansöýerlik bile garşylanandygy üçin hoşallyk bildirdi. Saparyň esasy maksadynyň Türkmenistanda saýlawlary geçirmekde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýardam bermegiň mümkinçiliklerini kesgitlemekdigini belledi. Şeýle-de, 2022-nji ýylyň 18-nji iýulyna çenli dowam etjek wekiliýetiň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynda we jemgyýetçilik guramalarynda hem şular ýaly duşuşyklaryň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda geljekde saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde peýdaly boljak şular ýaly duşuşyk-maslahaty geçirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny aýtdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...