Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň rowaçlyga beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda uly özgerişler we ösüşler amala aşyrylyp, ilatyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Diýarymyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwletimiz daýhanlar üçin ähli şertleri döredýär. Olar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de suw bilen doly üpjün edilýär.
Arkadagly Serdarymyzyň üns-aladasynyň netijesinde şu ýyl bugdaý hasyly has-da bereketli boldy, orak möwsümi hem ýokary derejede alnyp baryldy. Gün nuruna altynsow öwsüp, mylaýym şemala ygşyldaýan, tolkun atyp duran hasylly meýdanlar bereket-bolçulygyň, halal zähmetiň nyşany bolup görünýär. Bu günki gün ata Watanymyzda azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen sahawatly hem-de buýsançly çözgütler halkyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň мukaddes Mekge-Medinä eden zyýaratynyň yzysüre Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, «Çäjiňe bereket!» diýen sözler bilen ýurdumyzda galla oragyna girişildi. Galla oragy gysga möhletli, üstesine-de örän jogapkärli möwsüm. Ekin meýdanlarynda ýetişen hasyly yrýa etmän ýygnap almak ýokary başarnygy, guramaçylygy talap edýär. Halkymyzyň arasynda: «Ekin ekseň bugdaý ek...» diýlip aýdylýan ajaýyp söz bar. Munuň özi ak ekine — bugdaýa uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ene topraga ak bugdaýyň tohumyny ekmek, ondan bol hasyl almak sogap iş hasaplanýar.
«Zähmet soňy — rehnet» diýleni. Halal hem tutanýerli zähmet hemişe oňyn netije berýär, ynsany belent mertebäniň eýesi edýär.
Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli hemaýat-goldawy bilen ruhlanyp işleýän oba hojalyk toplumynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň bu pudagy düýpli ösüşlere eýe etmek babatynda kabul edýän taryhy çözgütlerine mynasyp iş bilen jogap bermegi başarýarlar.
Ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryhy ýazgylar ak bugdaýyň iň iri ekerançylyk zolagynyň biziň ýurdumyzda ýerleşendigini tassyklaýar. Daýhanyň alty aý guwanjy hasaplanylýan bugdaý tutuş adamzadyň azyk gorunyň binýadydyr.
Şeýlelikde, Watanymyzyň edermen gallaçylarynyň yhlasly zähmetiniň netijesinde ekin meýdanlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Rysgal-bereketiň gözbaşy bolan guşgursak ak bugdaýyň her dänesini zere deňeýän ruhubelent babadaýhanlarymyz Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Olar 690 müň gektar meýdandan 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak däne ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.
Gallaçy daýhanlarymyzyň bu gazanan zähmet ýeňşi Arkadagly Serdarymyz tarapyndan oba senagat toplumyny ösdürmek baradaky edilýän aladalara, netijeli zähmet çekmek babatda döredilen şertlere mynasyp jogapdyr.
Galla — rysgal-berekediň çeşmesi. Çäjiňize bereket, türkmen daýhany! Goý, bereketli saçaklarymyz hemişe ak bugdaý unundan bişirilen türkmen çöreginden dolup-daşsyn!
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...