TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

09 Sent

«Ak altynym» — ak bagtym

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda öçmejek yz goýýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda amala aşyrylýan beýik işler, ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan şanly üstünlikler galkynyşly döwrümiziň döredijilik ruhuny açyp görkezmek bilen, ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär.

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini belledi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary    döwlet Baştutanymyza il içinde hormatlanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz «Harmanyňyza bereket, merdana pagtaçy daýhanlar!» diýip, edermen pagtaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz il sylagly ýaşululardan ýygymy «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň 7-nji sentýabrynda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna girişmek boýunça «ak kerwen» dabaralary guramaçylykly geçirildi.  Daşoguz welaýatynda bolsa il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna girişmek boýunça «ak kerwen» dabarasy 14-nji sentýabrda geçiriler.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy, oba zähmetkeşleriniň ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, suwaryş suwlary bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegi, häzirki zaman traktorlarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň yzygiderli satyn alnyp, olaryň ygtyýaryna berilmegi hem ýer eýeleri hakda edilýän aladalardan nyşandyr.

Türkmen daýhanlary hem özleri hakdaky aladalardan ruhlanyp, topraga yhlas-azabyny siňdirýärler hem-de bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny kemala getirýärler. Şunuň bilen baglylykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň giňden toý ediljek şanly ýylynda güneşli Diýarymyzyň pagtaçy daýhanlary ýurdumyz boýunça 580 müň gektarda bu gymmatly ekini ýetişdirmek bilen, şondan «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny taýýarlamagy belent maksat edinýärler.

 

«Harmanyňyza bereket, pagtaçy daýhanlar!».

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...