TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

16 Sent

Dünýä türkmenleri ata watanda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly möhüm taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu sene täze bir döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başlanan ýyly hökmünde şöhratlandy. Ine, şeýle taryhy wakalaryň biri hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 15-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahatydyr.

Geçen asyryň ahyrlarynda, has takygy 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, döredilenden bäri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň 22 -si geçirildi. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi bar.   Birleşigiň daşary ýurtly şahsy agzalarynyň sany 345-e ýetip, olar dürli ugurlarda oňyn işleri alyp barýarlar.

Başymyzyň täji bolan Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Eziz Watanymyzyň dünýä dolan abraýy-mertebesi, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, döwletliligimiz hem-de rowaçlygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz kemala geldi, dünýä bileleşigi bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy» diýip bellemegi, bu birleşigiň ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagynda aýratyn wajyp ähmiýete eýedigini äşgär edýär.

Dünýäniň dürli künjeklerinde hemişe ata Watanyny küýsäp ýaşaýan türkmenleri bir supranyň başynda jemlän maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, türkmenler müň­ýyllyklaryň geçendigine garamazdan, nirede ýaşasalar-da, özleriniň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, halk döredijilik eserlerini asyl durkunda saklap bilipdirler. Bu biziň öz milli dilimize, milli duýgularymyza hem-de milli däp-dessurlarymyza aýratyn uly hormat goýýan halkdygymyzy görkezýär diýip nygtady.

Şeýle-de, forumda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işi barada Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen wekiller ruhubelentlik bilen çykyş etdiler. Mundan başga-da,  «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz hakynda atalyk aladasynyň edilýändigini, bu ugurda halkara derejesinde maglumat gi­ňişliginiň döredilýändigini aýratyn belledi.

Agzybirlikde, şowhunly we guramaçylykly geçen forumyň çäklerinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, guramanyň agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň birnäçe wekillerini «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Baýramçylyk ruhunda geçirilen taryhy foruma gatnaşyjylar daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işine yzygiderli üns berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...