Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Samarkantda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Bu Guramanyň taryhy barada durup geçsek, 2009-njy ýylda Türki geňeş döredildi we geçen ýyl Stambulda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitinde onuň ady üýtgedilip, Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy. Türkmenistana bolsa bu Guramada synçy derejesini bermek baradaky çözgüt kabul edildi. Biziň ýurdumyz bu Guramanyň mejlislerine yzygiderli gatnaşýar, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça oňyn teklipleri berýär. Ynha, bu gezekki Samarkantda geçirilen mejlisde bolsa, Gahryman Arkadagymyz çykyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýyl Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde girmeginiň doganlyk ýurtlar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berendigini belledi. Şeýle-de, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýyly türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de taryhy türkmen şäheri bolan Änewi 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada Türkmenistanyň teklibini goldandyklary üçin Guramanyň ähli agza ýurtlaryna minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Samarkantda bolmagynyň çäklerinde dostlukly döwletleriň Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesini geçirdi.
Sammitiň işi tamamlanandan soňra, dabaralar otagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmak dabarasy boldy. Bellenilişi ýaly, bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara berilýär. Munuň özi halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.
Täze eýýamda halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...