TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

23 Noý

Türkmenistan bilen BAE-niň dostluk gatnaşyklarynda täze sahypa

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary amala aşyrdy.

Halkara derejesindäki abraýy barha belende göterilýän Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde depginli ösdürilýär. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy we baýlaşdyryldy.

Saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.  Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň ilkinji saparydygyny aýtdy. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli hem-de depginli ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň wiseprezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri we Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum hem-de BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklary geçirdi.

Arkadagly Serdarymyz Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Ýakyn Gündogaryň döwletleri, ilkinji nobatda, arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Watan ugrunda wepat bolanlaryň hormatyna bina edilen «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumyna gül dessesini goýdy we Birleşen Arap Emirlikleriniň milli gahrymanlaryny hatyralady. Şeýle hem hormatly Prezidentimizi Şeýh Zaýed metjidine baryp, ol ýerde metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýediň aramgähinde doga-dileg etdi.

Ýeri gelende aýtsak, 2007-nji ýylda resmi taýdan açylan Şeýh Zaýed metjidi dünýädäki iň uly alty metjidiň biri hasaplanýar. Metjidiň içini  meýdany 5627 inedördül metre ýetýän, agramy 47 tonna barabar bolan dünýädäki iň uly elde dokalan haly we diametri 10 metre, beýikligi 15 metre barabar bolan äpet lýustralar bezeýär.

Metjit bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär. Esasy namaz okalýan zal 7 müň adama niýetlenendir. Onuň gapdalynda iki sany kiçi zal bolup, olaryň her biri 1500 adam üçin niýetlenip, olaryň ikisi-de diňe aýallar üçin niýetlenendir.

Taryhy saparyň dowamynda hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmagyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylala­şyklaryň we olaryň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň, şeýle hem «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerinde bolan şu gezekki sapary we ýokary derejedäki geçirilen gepleşikler döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy.

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...

05 Maý
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...

05 Maý
Ýurdumyzda täze Halkara howa menzili açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...

25 Apr
Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...

24 Apr
Türkmen Gyrgyz dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...

23 Apr
Türkmenistan – Gazagystan: dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...