TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

02 Dek

ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 28-nji noýabry – 2-nji dekabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti  paýtagtymyzda saparda boldy.

Saparyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň uly geňeşçisi Alekseý Gromow we ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň geňeşçisi Hamadziripi Munikwaň gatnaşmagynda duşuşyk boldy. Duşuşyga Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow, şeýle-de Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça düýbi tutulan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ikitaraplaýyn we köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen bellediler.

Soňra Merkezi saýlaw toparynyň başlygy şeýle diýdi: «Biziň döwletimiz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär».

Duşuşykda myhmanlara ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, şonuň bilen birlikde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, şeýle hem degişli saýlaw toparlarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi.

Duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň uly geňeşçisi Alekseý Gromowa söz berildi. Ol myhmansöýerlik  bilen garşylanandygy üçin hoşallyk bildirdi. Saparyň esasy maksadynyň 2023-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmakdygyny beýan etdi. Geljek ýylda geçiriljek parlament saýlawlaryny guramaçylykly geçirmekde ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri hem-de bu babatda zerur bolan bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da, saýlaw işine dahylly adamlar üçin halkara guramalary tarapyndan guralýan seminar okuw maslahatlarynyň ähmiýeti barada durlup geçildi. Hususan-da, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň guraýan seminar okuw maslahatlarynyň geçirilişine üns çekildi.

Şeýle hem, wekiliýetiň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň  Halk Maslahatynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginde, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynda we jemgyýetçilik guramalarynda hem şular ýaly duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň halkara syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini, mundan beýläk-de şeýle boljakdygyny belleýär. Halkara guramalary bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolýar.

Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň 23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görülýändigini aýratyn nygtadylar.

Şeýle-de, ýurdumyzda geljekde hem saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde peýdaly boljak şular ýaly duşuşyk-maslahaty geçirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize – Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar. 

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...