Seneleri buýsançly wakalara beslenýän asuda ýurdumyzda 2022-nji ýylyň 2-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Ynha, şol iş maslahatynda hem ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetinden hoş habaryň gelip gowşandygy barada habar berildi.
Şunuň ýaly şatlykly pursatlarda hormatly Prezidentimiz «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen, ähli türkmen halkyny gutlady.
Ähli türkmen iliniň ruhuny has-da belende göteren bu taryhy çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Marokkonyň Rabat şäherinde geçirilýän 17-nji mejlisinde kabul edildi. Has dogrusy bu çözgüt ÝUNESKO-nyň hem-de halkara bilermenleriniň bu hödürnama beren ýokary bahasynyň ykrary boldy. Şeýlelikde, parahatçylygyň, doganlyk-dostlugyň, birek-birege ynanyşmagyň nyşany hökmünde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň keşdeçilik sungaty umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Munuň özi bolsa türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, mähriban halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, köp ýyllardan bäri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna laýyklykda, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklary ösdürmek we gorap saklamak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna, geçmiş mirasyna, milli medeniýetine aýratyn sarpa goýup, ony goramakda, ýaş nesle öwretmekde, dünýä ýaýmakda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň —Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Beýik maksatly, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...