Halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha ýokary göteririlýän ýurdumyzyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine iş saparyny amala aşyrdy.
Uly hormat we mähir bilen garşy alnan Arkadagly Serdarymyz ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi. Şeýle hem häzirki günlerde Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçylary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini Katar Döwletine jemledi. Katar Döwletinde öň hem uly halkara ýaryşlary geçirilipdi. Muňa mysal edip, Aziýa oýunlaryny görkezmek bolar. Ýöne Futbol boýunça dünýä çempionaty Katarda ilkinji gezek geçirilýär.
Elbetde, Katar Ýakyn Gündogarda sporta örän uly üns berýän döwletleriň biri hasaplanýar. Dohanyň merkezinde, ýurduň iň beýik «Aspire Tower» binasynyň eteginde ýerleşen halkara «Halifa» stadiony «Doha Sports City» sport toplumynyň düzümine girýär hem-de 1976-njy ýylda açylan pursadyndan başlap, Kataryň esasy futbol stadiony bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentidir, «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adyň eýesidir. Sport ugry boýunça gatnaşyklar baradaky meseleler daşary ýurtlara guralýan saparlaryň maksatnamasyna, ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň gün tertibine yzygiderli girizilýär.
Hormatly Prezidentimiz Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçirilýän «Halifa» stadionynda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurtda ilkinji gezek geçirilýän halkara sport forumynyň ýokary guramaçylygyny belläp, munuň ýylyň iri çäresi bolmak bilen, tutuş dünýädäki adamlaryň durmuşynda sportuň gymmatlyklaryny we ähmiýetini öňe ilerletmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentini «Halifa» stadionynyň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen ýörite ýerinde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, içeri işler ministri Halid bin Halifa bin Abdul Aziz Al Tani mähirli mübärekledi.
Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen duşuşdy.
FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň şu saparynyň sport ulgamynda, aýratyn-da, futbol babatda halkara derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetlidigini belledi. Türkmenistanda sport we Olimpiýa hereketiniň giňden ösdürilýändigine üns çekilip, sportuň futbol görnüşini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda halkara derejesinde tagallalary birleşdirmekde FIFA-nyň ýardam bermeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine bolan şu gezekki sapary we geçirilen gepleşikler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga giň mümkinçilik berjekdigine şaýatlyk edýär.
Mukaddes ata Watanymyzda beýleki ugurlar bilen birlikde sporta aýratyn sarpa goýup, ony ösdürmekde, ýaş nesli sporta köpçülikleýin çekmekde uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Beýik maksatly, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...