TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

23 Dek

Geljegi nazarlap geçirilýän möhüm çäre

Hormatly Prezidentimiziň  parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatna-malar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden döwründe alyp baran durmuş maksatly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, durnukly ykdysady ösüş gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy. Döwlet tarapyndan her bir maşgala üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde ilatyň sany yzygiderli artýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek hakynda» Karara gol çekipdi. Resminama laýyklykda, çäreleriň senenama meýilnamasy tassyklanylyp, ilat ýazuwyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek üçin jogapkär ministrliklerdir pudak edaralary kesgitlenildi.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 17—27-nji dekabry aralygynda «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary bilen tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilýär. Bu çäräniň esasy aýratynlylyklarynyň biri hem sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagydyr. Çünki, ilat ýazuwynyň geçirilýän häzirki döwründe maglumatlary ýygnamakda, döwrebap planşetleri ulanmak arkaly elektron usulda geçirilmegi ýazuw kagyzlaryny çalyşmaga mümkinçilik berýär.

Ilat ýazuwyna taýýarlyk görmegiň barşynda usulyýet maglumatlaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy. Şeýle-de, BMG-niň maslahatlaryna laýyklykda, ýazuw kagyzlary işlenilip taýýarlanyldy. Olar 70-den gowrak sowaly, şol sanda: demorgafiýa degişli sowallary, ykdysady häsiýetnamalary, şeýle hem öý hojalygynyň we ýaşaýyş jaýynyň häsiýetnamasyny öz içine alýar. Bu çäre ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyrylýar.

Şu geçirilýän ilat ýazuwy Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda hem geçiriler.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasy ilat ýazuwyny her on ýyldan azyndan bir gezek geçirmegi ündeýär. Şeýle ortaça çägiň kesgitlenmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi, on ýylda her bir ynsanyň durmuşynda-da, ýurtlaryň ilat sanynyň özgermegi babatda-da üýtgeşiklik emele gelýär. Bu bolsa ýurtda durmuş-ykdysady babatda işleriň ýola goýulmagyna öz täsirini ýetirýär.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylda geçirilýän ilat ýazuwy ata-Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri geçirilýän üçünji ilat ýazuwydyr. Mundan öň 1995-nji we 2012-nji ýyllarda ilat ýazuwlary guramaçylykly geçirilipdi. Ilat ýazuwynyň barşynda alnan maglumatlary Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti öwrener we seljerme geçirer.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň baş maksady ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary ýygnamakdan ybaratdyr. Munuň özi ilatymyzyň durmuş-ýaşaýşy barada anyk maglumatlary jemlemäge we ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň maksatnamalaryny meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Esasan hem halkymyzyň bagtyýar durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmekde, geljege ynamly gadamlar bilen barmakda ähmiýetlidir.

Halkymyzyň parahat, asuda, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda çäksiz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...