Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda», «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararlarynyň mazmuny barada çykyş etdi.
Şeýle hem Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyşnamalaryny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesini bermek, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine «Arkadag» adyny dakmak hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak barada karar kabul edendigi baradaky hoş habary aýtdy.
Ahal welaýatynyň ajaýyp edara ediş merkeziniň Arkadag şäheri diýlip atlandyrylmagy bolsa, ýylyň esasy şatlykly wakasy bolmak bilen, Watanymyzyň, halkymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jebisliginiň aýdyň dabaralanmasydyr.
Ata-babalarymyz şöhratly pederlerimize sarpa goýmakda, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza buýsanç ruhunda terbiýelemekde, ýaşlaryň ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmeklerinde terbiýe mekdebi bolupdyrlar.
«Ýagşydan at galar» pähimine eýerip, türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň we baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan zamanynda dürli döwürlerde ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan adamlara uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär.
Şu nukdaýnazardan, «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak, Merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik Ogly Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmak we mundan beýläk ony «Arkadag Binasy» diýip atlandyrmak, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adyny dakmak, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny dakmak, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adyny dakmak, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adyny dakmak, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry Döwletmämmet Azadynyň adyny dakmak, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri Aman Gulmämmedowyň adyny dakmak, ýörite sungat mekdebine halypa bagşy Sahy Jepbarowyň adyny dakmak, çagalar sungat mekdebine türkmen halkynyň ussat sazandasy Şükür bagşynyň adyny dakmak bellenildi.
Munuň özi türkmen halkynyň öz belli şahslaryny mynasyp derejede sarpalap bilýändigini äşgär edýär.
Täze taryhy eýýamda gadymy Ahal topragynda gurlan Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklary barada aýtsak, ol toplumlaýyn esasda gurlan ilkinji «akylly» şäheridir ekologiýa taýdan arassa, sebit ekologik çäre boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan hasaba alnan şäherdir. Şeýle hem bu şäherde ekologik taýdan arassa elektroulaglary, ýagny dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri hereket eder.
Sözimizi jemläp aýdanymyzda, umumy meýdany 1002 gektar bolan ýer böleginde gadymy Ahal topragynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, täze, döwrebap welaýat merkezini iki tapgyrda gurmak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda, Köpetdagy etekläp oturan Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşyk işleri gyzgalaňly dowam edýär.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, ildeşlerimizi Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine etrap hukukly şäher derejesiniň berilmegi we onuň «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...