TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

25 Few

Dalaşgärleri bellige almak dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan saýlaw ulgamyna aýratyn üns we ýardam berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Türkmen döwletiniň, milli jemgyýetiň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirip, milli demokratiýany çuňlaşdyrmak, raýat jemgyýetini ösdürmek, halkymyzyň syýasy işjeňligini artdyrmak ugrundaky we saýlaw ulgamynyň işiniň ösdürilmegine, bu ugurda dünýä tejribesiniň giňeldilmegine ýardam berjek çäreleri işläp düzeris» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçdi.          

Täze taryhy döwürde, öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basan türkmen jemgyýetinde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlar raýatlarymyzyň syýasy işjeňliginiň derejesini ýene bir gezek dünýä aýan etjek jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüler. Dalaşgärleri hödürlemek we olary bellige almak işleri amala aşyrylýan häzirki döwürde geçirilýän çäreler munuň hakykatdan hem şeýle boljakdygyny doly subut edýär.

Şu günler Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, Aşgabat şäher we etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, şeýle hem Geňeş agzalygyna dalaşgärler bellige alynýar.

Bellige almak saýlawlara elli gün galanda başlanyp, saýlawlara ýigrimi bäş gün galanda tamamlanar.

Dalaşgärleri bellige almak hakyndaky karar mejlisleriň, ýygnaklaryň dalaşgärleri hödürlemek baradaky teswirnamalary we dalaşgärleriň sese goýulmaga razydygy baradaky arzalary bar bolan mahalynda kabul edilýär hem-de bellige alnan dalaşgärlere bellenilen nusgadaky şahsyýetnama dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Degişli okrugyň, welaýatyň, Aşgabat şäheriniň, etrabyň, şäheriň, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakynda teswirnama düzýärler. Bu teswirnama dalaşgärleriň razylyk arzalary bilen bilelikde degişli saýlaw toparynda saklanylýar.

Saýlaw topary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň talaplary doly berjaý edilip hödürlenen dalaşgärleriň ählisini bellige almaga borçludyr.

Dalaşgärlige hödürlenilen her bir adam saýlaw okruglarynyň diňe birinde bellige alnyp bilner.

Dalaşgärler haýsydyr bir saýlaw toparynyň düzümine girýän bolsalar, olar bellige alnan pursadyndan başlap, şol toparyň düzüminden çykarylan diýlip hasap edilýär. Milli synçylar babatynda hem şeýle ýagdaý göz öňünde tutulandyr.

Degişli saýlaw topary dalaşgärleriň bellige alnandygy hakyndaky habary ilatyň dykgatyna ýetirýär

Ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Mejlisiň deputatlarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan welaýat, welaýat hukukly şäher we etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaň­landyrylan we hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Serdarymyzyň  baştutanlygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim bolar. Bu başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda häzirki türkmen jemgyýetinde çuň özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň binýatlyk esaslarynyň üpjün ediljekdiginden nyşandyr.

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...

05 Maý
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...

05 Maý
Ýurdumyzda täze Halkara howa menzili açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...

25 Apr
Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...

24 Apr
Türkmen Gyrgyz dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...

23 Apr
Türkmenistan – Gazagystan: dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...