Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça baha beriş topary paýtagtymyza geldi. Wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 26-njy martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça geldi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy bu wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar köp ýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler, şunuň bilen baglylykda, saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça tejribe alyşmagyň, hukuk kadalaryny hem-de halkara iş tejribesini öwrenmegiň bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar.
Myhmanlara 26-njy martda boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly, häzirki güne çenli saýlaw möwsüminiň dowamynda meýilnama laýyklykda, edilen işler, sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada giňişleýin düşünje berildi.
Duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň hemişelik geňeşiniň başlygy Korneliýa Willemiýen Anke Ýonker söz berildi. Ol myhmansöýerlik bilen garşylanandygy üçin hoşallyk bildirdi. Paýtagtymyza gelen bilermenler toparynyň esasy maksadynyň 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek bilen baglydygyny mälim etdi.
Saýlawlara iri halkara guramalarynyň, şol sanda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekilleriniň gatnaşmagy saýlawlaryň kanunçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegi esasynda geçirilmegine ýardam berer.
Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olara saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň barşyny bökdençsiz synlamaga hem-de gönüden-göni ses berilýän güni paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklaryna erkin baryp görmäge mümkinçilik dörediler.
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...