TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

17 Maý

Gadymy mirasymyz dünýä ýaýylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly BMG-niň esasy düzümleri, hususan-da, onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen gatna- şyklaryň yzygiderli giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi, bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň netijeli işleri alyp barýandygy aýratyn bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly  baştutan-lygynda halkyň köp asyrlyk milli gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenilip, dünýä jemgyýetçiligine ýetirilýär. Asyrlarboýy toplanyp gelen milli gymmat-lyklarymyz dünýä halklarynyň söýgüsine mynasyp bolýar. Deňsiz-taýsyz taryhy-medeni gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň sanawyna goşulýar we olaryň üsti ýetirilýär.  

Mälim bolşy ýaly, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasymyzyň görnüşleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna goşuldy. Bu  barada ýurdumyza sapar bilen gelen   hanym Golda El-Hurini hormatly Prezidentimize habar berdi we  bu gymmatlyklaryň degişli güwänamalaryny gowşurdy. Bu şatlykly habar tutuş halkymyzda buýsanç duýgusyny oýardy.

Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sungatyň kämilligi bilen nesilden-nesle geçip, mynasyp dowam etdirilýändigine güwä geçýär.

Keşdeçilik sungaty hakynda söz açylanda, nusgawy şahyrymyz Mämmet- weli Keminäniň:

Meniň dilim, seniň eliň hünäri, 
Nusga bolup galsyn ilden-illere —

diýen goşgy setirleri bada-bat ýadyňa düşýär.

Hawa, on barmagyndan dür dökülýän zähmetsöýer zenanlar bu tarypa aňryýany bilen mynasyp. Asylly, elleri işli ene-mamalarymyz özleriniň we nesilleriniň, ýagny ogul-gyzlarynyň egin-eşiklerini öz milli nagyşlarymyz salnan keşdeleri bilen bezäpdirler.

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda döreden, nesilden-nesle geçirip, kämilleşdiren milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň döreden nagyşlary dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna önjeýli goşant goşan kämil medeni gymmatlyklaryň hatarynda meşhurdyr.

Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärliklerimizi gorap saklamak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Munuň özi bilelikde ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigine, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň pugtalanýandygyna güwä geçýär.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça  hem işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, «UNITWIN» halkara maksatnamasyny durmuşa geçir- megiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halky gadymdan gelýän milli gymmatlyklaryna aýawly garap, olary nesilden-nesle geçirip gelýär. Bu ajaýyp işlere halkymyzyň baý durmuş tejribesi hem-de zähmeti siňendir. Halkymyzyň taryhy gymmatlyklaryna bolan söýgüsi ýyl geçdigiçe artýar.

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...