TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

21 Ýan

Saýlawçylar Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär M.Annanepesow bilen duşuşdylar

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylar döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň biri—Azyk senagaty döwler birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşdylar. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik birleşikleriniň, kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.

Ilki bilen dalaşgäriň ynanylan wekili çykyş edip, ýygnananlary raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgäriň zähmet ýoly we häsiýetnamasy bilen tanyşdyrdy. Dalaşgäri uly iş tejribesine eýe bolan abraýly başlangyçlary öňe sürýän ýolbaşçy, şeýle hem ynsaply, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine wepaly adam hökmünde häsiýetlendirmek bilen, onuň wekili saýlawçylara saýlawlar güni öz seslerini M.Annanepesowa bermeklerini maslahat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berildi. M.Annanepesow mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýygnananlary öz maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Dalaşgäriň belleýşi ýaly, Maksatnamada ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça köp ugurly döwlet strategiýasy öz beýanyny tapdy. Onuň maksatnamasynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmegiň, önümçiligiň durnukly ösüş depginini saklamagyň hasabyna halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Täze döwrebap senagat kärhanalarynyň döredilmegi netijesinde iş orunlarynyň müňlerçesi peýda bolar. Aýlyk iş haklary, pensiýalar we kömek pullary yzygiderli artdyrylar.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, onuň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda ylym we bilim ulgamynda geçirilýän özgertmelere aýratyn üns berler. Ol ýangyç-energetika toplumynyň has-da kämilleşdirilmegini möhüm wezipe diýip kesgitledi.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bilen M. Annanepesowyň arasynda sowal-jogap görnüşinde söhbetdeşlik boldy. Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň, hususan-da, oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaýyn düzümini kämilleşdirmegiň, ilatyň azyk harytlary we beýleki zatlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin daýhanlaryň ösdürip ýetişdirän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmagyň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny hem-de maldarçylygyň önümliligini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ekologik taýdan howpsuz şertlerini üpjün etmegiň meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda dalaşgär üns berip diňlenendigi we mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna welaýatyň ýaşaýjylaryny ynandyrdy.

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...